Gümrük edaralarynyň ösüşi işgärleriniň hünär taýdan taýýarlygyna köp babatda baglydyr. Çünki gümrük işgärleri çylşyrymly gümrük barlag enjamlary ulanmakda, şeýle hem ýurdyň çägine harytlary bikanun getirmäge edilýän synanyşyklaryň öňüni almakda aýratyn endikleri ele almalydyrlar we ugurda bilimlerini hemişe artdyrmalydyrlar.
Işgärleriniň hünär taýdan ýokary taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi okuw çärelerini yzygiderli geçirýär.Okuw sapaklarynda halkara tejribesini öwrenmekligede aýratyn üns berilýär, şol maksatlar bilen okuwlar halkara bilermenlerini çekmek bilen hem geçirilýär.
Ozon dargadyjy maddalaryň ( ODM) we gidroftoruglerodlaryň (GFU) bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça ýörite okuw sapagy guraldy.Bu okuw sapagy, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan geçirildi.
Okuwyň maksady, gümrük işgärlerini Monreal teswirnamasy diýlip atlandyrylýan halkara şertnamasynyň düzgünleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat.Monreal teswirnamasy, ozon gatlagyny goramak boýunça 1985-nji ýyldaky Wena konwensiýasynyň ozon dargadyjy käbir himiki maddalary ýok etmek arkaly ozon gatlagyny goramak üçin döredilen halkara teswirnamasydyr.