Ožieniň 7-nji çempionlygy

Dünýä Ralli çempionatynyň (WRC) möwsümdäki 7-nji we soňky bäsleşigi Monza Rallisinde çempion belli boldy. Ýaryşda ýeňiş gazanan “Toyota Gazoo Racing” toparynyň fransiýaly sürüjisi Sebastian Ožie ýeňiş gazandy.

Bu bäsleşikden öň 2-nji hatarda barýan Ožie ýeňişden soň, karýerasyndaky 7-nji çempionlygyny baýram etdi.Ožie bellenen aralygy 2 sagat 15 minut 51 sekuntda geçmegi başardy. Ýaryşda ýeňijiden 13,9 sekunt yza galan “Hyundai Shell Mobis” toparynyň eston sürüjisi Ott Tanak 2-nji, şol toparyň ispaniýaly piloty Dani Sordo 3-nji ýeri eýeledi.

Şeýlelikde, 7 ýaryşda 122 utuk toplan Sebastian Ožie 1 ýyldan soň, 7-nji gezek dünýäniň çempiony bolmagy başardy.Ol 2013-2018-nji ýyllar aralygynda 6 sapar çempion diýen derejäni gazanypdy. 7-nji ýaryşdan öň 114 utuk bilen 1-nji orunda barýan “Toyota Gazoo Racing” toparynyň britan sürüjisi Elfin Ewans Monza Rallisinde uly ýalňyşlyk goýberip, 29-njy orny eýeledi.

Ewans umumy sanawy 2-nji, 105 utuk toplan Ott Tanak 3-nji orna mynasyp boldy.

The post Ožieniň 7-nji çempionlygy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Birinji orna çykaran ýeňiş
Möwsümiň ilkinji ýaryşy
50-nji ýeňşi
Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
Lappiniň ilkinji ýeňşi
“Toyotalylara” taý tapylmady