Ožie aratapawudy azaltdy

Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 11-nji ýaryşy bolan Uels “Gran Prisinde” “M-Sport Ford” toparynyň fransuz sürüjisi Sebastian Ožie ýeňiş gazandy.Ol 23 tapgyrdan ybarat 318,13 kilometrlik ýaryşy 3 sagat 6 minut 12,5 sekuntda tamamlady.

Bu onuň şu ýylky 4-nji, karýerasyndaky 44-nji ýeňşidir.Ožieden 10,6 sekunt yza galan “Toyota Gazoo” toparynyň fin piloty Ýari-Matti Latwala 2-nji, ýene şol toparyň başga bir finlýandiýaly sürüjisi Esapekka Lappi ýeňijiden 35,1 sekuntlyk az netije görkezip, 3-nji ýeri eýeledi.

Sanawyň lideri belgiýaly Tierri Noýwill (“Hyundai”) 5-nji, mundan öňki 3 bäsleşikde ýeňiş gazanan Ott Tanak 19-njy orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, soňky 5 ýylyň çempiony Ožie sanawyň öňdebaryjysy Noýwill bilen utuk aratapawudyny 7-ä düşürdi.

Möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda, Noýwill 189, Ožie 185 utuk bilen 12-nji ýerlerde barýarlar.Möwsümiň 12-nji ýaryşy 2528-nji oktýabrda Ispaniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Lappiniň ilkinji ýeňşi
Tanaka taý tapylmady
Finlýandiýada Tanak ýeňiş gazandy
Hamilton we Tanak arany açýar
Ožie 6-njy gezek ýeňiji boldy
Möwsümiň 7-nji bäsleşikleriniň ýeňijileri