Dünýä Ralli çempionatynda 46-njy möwsümiň çempiony iň soňky tapgyrda belli boldy.Awstraliýada geçirilen ýaryşda 5-nji orny eýelän soňky 5 ýylyň çempiony Sebastian Ožie 6-njy çempionlygyny gazandy. “M-Sport Ford” toparynyň fransuz sürüjisi Ožie umumy sanawda 2-nji hatarda barýan belgiýaly Tierri Noýwilliň (“Hyundai Shell Mobis”) 22-nji aýlawda kiçeňräk awariýa sebäpli ýaryşdan çykmagyndan soň, oňa çempionlyk üçin 5-nji ýer hem ýeterlik boldy. Şeýlelikde, 34 ýaşly sürüji karýerasynda bassyr 6-njy gezek Dünýä Ralli çempionatynda ýeňiş gazandy.
Ol Sebastian Lýobuň yzly-yzyna gazanan 9 birinjiliginden soň, 2013-nji ýyldan bäri çempionlygy hiç kime bermän gelýär.Möwsüme şowsuz başlan Ožie şu ýyl 4 ýaryşda 1-nji ýeri eýeledi.
Soňky tapgyrlarda Tierri Noýwillden öňe saýlanan Ožie geçirilen 13 rallide 219 utuk toplady. 201 utuk ýygnan Tierri Noýwill 2-nji, 181 utukly Ott Tanak 3-nji ýere mynasyp boldy.Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki soňky bäsleşigi bolan Awstraliýa Rallisinde 1-nji ýeri “Toyota Gazoo Racing” toparynyň fin sürüjisi Ýari-Matti Latwala eýeledi.
Ol 316,3 kilometr aralygy 2 sagat 59 minut 52 sekuntda tamamlap, şu ýylky 1-nji, karýerasyndaky 18-nji ýeňşini gazandy. 2-nji orna-da “Hyundai Mobil Shell” toparynyň Täze zelandiýaly sürüjisi Haýden Paddon, 3-nji ýere-de “Citroen Total Abu Dabi” toparyndan norwegiýaly Mads Ostberg mynasyp boldy.