Ozalky ýyldyz futbolçy aradan çykdy

Dünýä futbolynyň meşhur oýunçylaryndan, çep gyraky goragçy, jerime urgularynyň ägirdi hasaplanýan serbiýaly Sinişa Mihailowiç 53 ýaşynyň içinde aradan çykdy.Köp wagtdan bäri rak keselinden ejir çekip gelýän Mihailowiç 2008-nji ýyldan bäri tälimçi bolup işleýärdi.

Ol şu ýylyň sentýabr aýynda “Bolonýa” toparyndaky tälimçilik wezipesinden boşadylypdy. 1969-njy ýylyň 20-nji fewralynda häzirki Horwatiýanyň, ozalky Ýugoslawiýanyň Wukowar şäherinde dünýä inen Mihailowiç 1986-njy ýylda “Borowo” klubunda futbola başlap, soňlugy bilen “Woýwodina” (1988-91), “Srwena Zwezda” (1990-1992), “Roma” (1992-1994), “Sampdoriýa” (1994-1998), “Lasio” (1998-2004) hem-de “Inter” (2004-2006) klublarynda oýnady.

Ol klublarda oýnan 574 duşuşygynda 99 gol geçirdi.Esasan hem uzak aralykdan ýerine ýetirýän batly jerime urgulary bilen meşhurlyk gazanan Mihailowiç Ýugoslawiýanyň ýygyndysynda 63 oýunda 10 gezek tapawutlandy.

Tälimçilik karýerasyna “Bolonýada” (2008-09) başlan Mihailowiç “Kataniýa” (2009-10), “Fiorentina” (2010-11), “Sampdoriýa” (2013-15), “Milan” (2015-16), “Torino” (2016-18) hem-de ýene-de “Bolonýa” (2019-22) klublarynda işledi.

Serbiýanyň ýygyndysyna-da 1,5 ýyl tälim beren Mihailowiç 2019-njy ýylda rak keseli sebäpli bejergi alyp başlapdy.Rimdäki klinik hassahanada 53 ýaşynda aradan çykan Sinişa Mihailowiç 5 çaganyň kakasydy.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
“Atalanta” we “Roma” uly hasaply ýeňişler bilen çärýek finala çykdy
Lewandowski we ýoldaşlary Polşanyň düzümi
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri