16-njy sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisi tamamlanandan soňra, türkmen Lideri “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekiliniň Aşgabadyň merkezi künjegindäki binalary döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly görkezen taslamalary bilen tanyşdy.
Bellenilişi ýaly, Aşgabatda täze Döwlet münberiniň toplumynyň gurulmagy bilen, türkmen Lideriniň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ozalky münberiň durkuny täzeläp, ony döwrebaplaşdyryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwürmek boýunça birnäçe teklip taýýarlanyldy.
Fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanyna taýýarlanylan taslamalar hem-de geçirilýän degişli işler barada habar berdi.Täze Işewürlik merkezi şäheriň bu künjegindäki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, merkeziň ähli desgalary häzirki zamanyň enjamlary, innowasiýalar, şol sanda internet tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler.Bu ýerde mejlisler zaly, iş otaglary ýerleşdiriler, dürli derejeli duşuşyklary hem-de işewür gepleşikleri guramak we geçirmek üçin ähli zerur şertler dörediler.
Türkmen Lideri taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi we täze Döwlet münberiniň toplumynyň açylmagy bilen, ozalky Döwlet münberini Işewürlik merkezine öwürmek baradaky teklibiň maksadalaýykdygyny aýdyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.