Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Maulwi Amir Han Mottaki ýokary derejeli wekiliýet bilen Türkmenistana sapar bilen ugrady. Bu barada Pajhwok agentligi Owganystanyň DIM-niň resmi wekiliniň beýanatyna salgylanyp habar berdi.
Onuň habar bermegine görä, Türkmenistanyň çakylygy bilen Aşgabada ugran wekiliýet kabul edýän ýurduň resmi taraplary bilen ikitaraplaýyn söwdany, energetika, demir ýollaryň gurluşygy, TOPH we TOP hem-de beýleki taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşar. Neşiriň bellemegine görä, bir hepde mundan öň, Mottaki Eýrana sapar bilen bardy we Eýranyň resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça gepleşikleri geçirdi.