Owganystanyň wekiliýeti gaz we TOPH geçirijini maslahatlaşmaga Türkmenistana geler

Owganystanyň wekiliýeti gaz we TOPH geçirijini maslahatlaşmaga Türkmenistana geler

Owganystanyň wekiliýeti ýakyn wagtda tebigy gaz we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) turbageçiriji taslamasy boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisine salgylanyp, “TOLOnews” teleýaýlymy şenbe güni habar berdi.

“Türkmenistana amala aşyrjak saparymyzyň dowamynda gazyň bahasyna we Hyratdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişine, şeýle hem senagat zolaklary boýunça duşuşyklary geçireris” diýip, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Şafaý Azam aýtdy.

Şeýle hem, Owganystanyň Daşary işler ministrligi TOPH turbageçiriji taslamasy boýunça amaly işleri ýerine ýetirmek üçin Owganystanda toparyň döredilendigini aýtdy.

Bu topara Owganystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Molla Abdul Gani Baradar ýolbaşçylyk eder.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasy boýunça täze ylalaşyklary baglaşdylar
TOPH taslamasy üçin Türkmenistana owgan wekiliýeti geler
Talyplar TOPH gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meýilnamalary we gazyň bahasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapary barada gürrüň berdiler
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar