Ruslan Haliullin
Нефтянка
Soňky birnäçe ýylda Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana çekilmekçi bolunýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji proýekti baradaky habarlar örän ýygy-ýygydan peýda bolýar.
Aýdaly, birnäçe gün öň Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi bu gaz geçirijiniň türkmen uçastogyndaky böleginiň Owganystan bilen döwlet serhedine golaý we serhetden geçýän böleginiň gurluşyk işlerine taýýarlygyň başlanandygyny habar berdi.
Sentýabryň aýagyna çenli bu proýekti 2018-nji ýylda durmuşa geçirmek we 2019-njy ýylda işe girizmek üçin zerur bolan turbalary, materiallary we enjamlary satyn almak üçin halkara tender yglan edilmekçi diýip, habarda aýdylýar.
Eýsem, TOPH hakykatdanam iki ýyldan ulanmaga berlip, işe başlap bilermi?
Bu gaz geçirijiniň gurluşygy baradaky proýekt baryp 1995-nji ýylda gün tertibine geldi. 1996-njy ýylda, Birleşen Ştatlaryň Unocal (soňra Chevron bilen birikdi)konserni tarapyndan “Central Asia Gas Pipeline” kompaniýasy döredildi. Amerikanlardan başga, bu proýektde Saud Arabystanynyň, Günorta Koreýanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň, Pakistanyň, şeýle-de Russiýanyň “Gazprom” firmalarynyň paýy bardy.
Emma gaz geçirijiniň şol wagt “Talyban” hökümetiniň kontrollygynda bolan Owganystanyň territoriýasynyň üstünden geçmelidigi baradaky fakt hiç kimi aladalandyrmady, ýogsa bu hökümeti diňe Saud Arabystany ykrar edýärdi. Mundanam başga, ABŞ-nyň Pakistandaky ozalky ilçisi kompaniýanyň ýolbaşçy düzümine girdi we talyplar bilen gaz geçirijiniň gurluşygy barada şertnama gol çekilmegini gazandy.
Emma bu kompaniýa 1998-nji ýylda, Birleşen Ştatlaryň Keniýadaky we Tanzaniýadaky ilçihanalary partladylan badyna dargady. Partlamalaryň jogapkärçiligini Owganystanyň talyp ýolbaşçylary tarapyndan goldaw bildirilýän Osama ben Laden öz üstüne aldy we amerikanlar derrew bu proýekti goýbolsun etdiler.
Belli bir döwür içinde bu proýekt unudyldy, emma 2005-nji ýylda, ABŞ Owganystandaky hökümeti güýç bilen çalşyranyndan soň, bu ideýany gaýtadan janlandyryp başladylar. Merkezi Aziýa ýurtlaryna öz serişdelerini Orsýetiň territoriýasyndan sowa eksport etmek mümkinçiligini bermek barada arzuw edýän amerikanlar bu plany gyzgyn goldadylar.
Şondan bäri gatnaşyjy döwletleriň arasynda bu proýekti durmuşa geçirmek baradaky gepleşikler üznüksiz, käte has aktiw, käte pessaý ýagdaýda dowam etdirilýär. Muňa hemişe täze bazar gözleginden bolan Türkmenistan we bu proýektden tranzit girdejisini hem-de ykdysadyýetini ösdürmek üçin güýçli itergi almakçy bolýan Owganystan hemmeden beter gyzyklanýar.
Gaz geçiriji “Galkynyş” gaz ýatagyndan başlanyň, Guşgy etrabynyň çäginden Owganystanyň serhedinden geçmeli we soňra günbatar we günorta Owganystanyň territoriýasyna uzap, Hyrat, Kandagar ýaly möhüm şäherleriň üstünden geçirilmeli.
Soňra bu geçiriji Pakistanyň Kwetta şäheriniň golaýyndan pakistan territoriýasyna geçirilmeli we şol ýerden hem Hindistanyň serhedine ýetirilmeli.Gaz geçirijiniň umumy geçmeli aralygy 1814 kilometr bolup, onuň 774 kilometri Owganystanyň territoriýasyna düşýär.
Gaz geçirijiniň geçirijilik kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaz bolup, Owganystan ol gazyň 5 milliard kub metrini almaly, Pakistan we Hindistan bolsa 14 milliard kub metrden gaz almaly. Mundan başga, Owganystan ýylda 400 million dollar möçberinde gaz tranzit tölegini hem almaly.
Soňky wagtlarda bu proýekt boýunça alnyp barylýan işler has ýygjamlaşdyrylan ýaly görünýär. Hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalara, jarnamalara gol çekildi, baryp 2012-nji ýylda taraplaryň arasynda gaz satmak we almak baradaky şertnamalar baglaşyldy.
Gaz geçirijiniň düşjek umumy bahasy 10 milliard dollar töwereginde bahalanýar. 2014-nji ýylda Men adasynda bu proýekti gönüden-göni amala aşyrmaly kompaniýa “Galkynysh — TAPI Pipeline Company Limited” hasaba alyndy. Onuň ofisi Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýär. Konsorsiumyň gönüden-göni ýolbaşçylygyna “Türkmengaz” döwlet konserni bellenildi. Proýektiň 85 prosenti Türkmenistana degişli, Pakistana, Hindistana we Owganystana bolsa 5 prosentden düşýär.
2019-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berilmeli we işe girizilmeli gaz geçirijiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň territoriýasynda dabaraly ýagdaýda başlandy.
Elbetde, bularyň hemmesi sagdyn pikirlenýän islendik adamda bu proýektiň häzirki şertlerde nähili amala aşyryljakdygy, aslynda bu ideýanyň birhili hyýalydygy barada ünji-alada döredýär.
Birinjiden, gaz geçirijiniň Owganystandan geçmeli territoriýasynyň düýpli bölegi hökümete boýun egmeýän toparlanyşyklaryň, “Talybanyň” galyndylarynyň, ýerli ýaragly tireleriň we dürli bandalaryň kontrollygy astynda galýar. Taktiki ýagdaýyň üýtgemegi bilen baglylykda gaz geçirijiniň geçmeli shemasy hem birnäçe egzek üýtgedildi.
Teoretiki taýdan bu güýçler bilen gürleşmek, yalalşmak mümkindi, pul pul bolýar, ony amerikanlara tarapdar hökümet-de, talyplar-da gowy görýär.Mundanam başga, söweşijileriň uly bölegi gelip çykyşlary boýunça etniki türkmenler we bu ýagdaý teoriýa taýdan Türkmenistanyň hökümetine olar bilen umumy dil tapmaga kömek edip biljek.
Emma hiç kimiň kontrollygynda bolmadyk toparlar örän dagynyk we olar bilen ylalaşmak düýpden mümkin däl. Üstesine, türkmenleriň kanuny owgan hökümetiniň arkasyndan söweşijiler bilen yalalaşyp biljegi ýa muny islejegi hem gümana.
Eger hatda gaz geçiriji gurulsa hem Owganystan özüniň häzirki gamgyn ykdysady ýagdaýynda gelen gaz üçin töleg edip bilmejek ýagdaýda bolup çykar we üstesine onuň häzirlikçe bu gazy ýerleşdirmäge hem ýeri ýok. Beýle ýagdaýda girdejiden milliard dollara golaýy kemeler we bu ýagdaý proýektiň ykdysady modelini bozar.
Ikinjiden, Hindistanyň özüne gelýän gaz üçin hakykatdan hem Pakistan bilen gazyň geçýän ýurdy hökmünde çyndan tranzit hasaplaşygyny etjegi şübhe döredýär. Bu ýurtlar 1947-nji ýylda döräli bäri hemişe örän dartgynly gatnaşykda bolmagynda galýar. Olar eýýäm birnäçe gezek özara urşa girdiler we şindi hem öz gatnaşyklaryny örän ýygy-ýygydan ýaragly konfliktiň gyrasyna eltýärler.
Hindistan öz wagtynda Eýrandan gaz getirjek proýekte hem goşulmaga isleg bildiripdi. Bu real we aňsat amala aşyryp boljak proýekt. Emma hindiler Pakistana garaşly ýagdaýa düşmek islemediler, sebäbi bu proýekt Pakistanyň territoriýasyndan geçmelidi.
Hindistan häzirki wagtda suwaldylan tebigy gaz (STG) alýar we öňräk Eýrana Pakistandan sowa suwasty gaz geçiriji gurmak meselesine seretmegi teklip etdi.
Üçünjiden, Pakistanyň özüne täze gaz o diýen zerur däl.Bu ýurt häzir Katardan aktiw ýagdaýda STG import edýär.Birnäçe gün mundan öň ýurduň senatynda Pakistanyň nebit ministri Katar bilen ylalaşygy ýurduň taryhyndaky “iň gowy şertnama” diýip atlandyrdy.
Häzire çenli 100 gämi geldi, halkara Trafigura söwdagäri bolsa Karaçiniň gapdalyndan täze STG terminalyny gurýar.
Mundanam başga, Pakistanyň uly möçberde Eýran gazyny import etmek mümkinçiligi bar.Häzirki wagtda Eýrandan gaz geçiriji gurmak babatda ýokarda ýatlanan proýekt haýal akýan görnüşinde ýerleşýär, onuň 40 milliard kub metr gaz geçirijilik kuwwaty bolmaly.
Eýranlylar, öz sözlerine görä, öz territoriýalaryndan 900 km geçiriji gurdular, emma Pakistan, ýa halkara sanksiýalaryna, ýa-da pul-serişde ýetmezçiligine salgylanyp, öz territoriýasyndaky geçiriji gurluşygyna hiç başlap bilmeýär.Bu gaz geçirijisi, görnüşinden, islenilen ýagdaýynda TOPH-dan has aňsat gurlar.
Dördünjiden, belki-de, bu proýektiň ýakyn ýyllarda amala aşyryljagyny gümana salýan iň düýpli sebäp onuň gurluşygy üçin ýeterlik puluň bolmazlygy bilen bagly.
Pakistan, Hindisatn we Owganystan bu gaz geçirijisini öz hasaplaryna maliýeleşdirmekden boýun gaçyrdylar, Türkmenistan üçin bolsa ony maliýeleşdirmek çekip bolmajak ýük bolar. Üstesine, magistral üçin 10 milliard dollardan başga, türkmenler “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek üçinem milliardlap dollar tapmaly, muny hem hasaba almaly.
Haçanda hytaý tarapyna geçiriji gurmaly bolanda, pul problemasy bolmady ol puly hytaýlylaryň özleri karz berdi. Günorta tarap üçin serişdäni Türkmensitan özbaşdak gözlemeli bolar. Bu bolsa hatda has gowy zamanalarda hem aňsat iş däldi.
Häzir Türkmenistan düýpli ykdysady krizisi başdan geçirýär we bu belki-de ýurduň garaşsyz bolaly bäri öz taryhynda uçran iň agyr kizisidir. Energiýanyň dünýä bahasy aşak gaçdy, mundanam başga Türkmenistan öz gazynyň iri alyjylary bolan müşderilerini ýitirdi.
Eýrana gaz eksport etmegiň derejesi azalýar, belki-de ýakyn wagtda tutuşlygyna kesiler, Eýranyň öz gaz gorlary bar we ol ýerde ýurt içindäki gaz geçirijiler ulgamlarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. 2017-nji ýylyň başynda, şertnama üstündäki oňuşmazlyklar sebäpli, Eýrana iberilýän türkmen gazynyň togtadylandygy hem yglan edildi.
Russiýanyň türkmen gazyny satyn almagy 2016-njy we 2017-nji ýyllarda doly kesildi, “Gazprom” türkmenleriň talap edýän nyrhlarynyň örän ýokarydygyny aýdyp, olardan gaz satyn almady. Ýewropa gaz satmak üçin bolsa “Gazporom” öz turbasyna Türkmenistany goýbermeýär.
Russiýadan sowa Ýewropa gaz satmak planyny çeken Transhazar gaz geçiriji proýekti bolsa, şol sanda ýuridiki sepäplere görä Kaspi deňziniň durumynyň kesgitlenilmändigi, netijede suw astyndan geçiriji gurmak üçin Russiýadan we Eýrandan rugsat almaly bolandygy üçin başa barmady.
Häzir Türkmenistan hakykatda diňe Hytaýa gaz satýar. Bu gaz üç sany gaz geçiriji magistral arkaly satylýar, olaryň umumy geçiriş kuwwaty 55 milliard kub metr. Bu magistrallar Hytaýa barmazdan öň Özbegistanyň we Gazagystanyň territoriýalarynyň üstünden geçýär.
Bu 55 milliard kub metr gaz ibermek mümkinçiliginiň 20 milliardlyk ornuny tranzit-ýurtlar öz gazlaryny ibermek üçin alýarlar, onsoň Türkmenistana gaz ibermek üçin diňe 35 milliard kub metr gaz ornny galýar. Şeýlelikde, TOPH ýurduň ýolbaşçylarynyň şu agyr ýagdaýda gark bolmazlyk üçin ýapyşýan sypaly bolup durýar.
Hytaý gaz geçirijisi proýektiniň dördünji şahasy Magistral D hem bardy, ol Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň üstünden geçmelidi, onuň geçiriş kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolmalydy. Emma bu proýekt şu ýylyň başynda hytaýlylar tarapyndan doňduryldy.
Käbir maglumatlara görä, geçen ýyl Türkmenistan Hytaýa her müň kub metri 185 dollardan 30 milliard kub metr gaz eksport etdi, ýagny ýurt 5,5 milliard dollara golaý pul gazandy.
Ýöne gaz satmakdan gelýän puluň düýpli bölegi hytaýlylaryň özünden alnan karzy töelemäge gidýär. Türkmenistanyň Hytaýa bergisiniň anyk möçberi belli däl, metbugatda Aşgabada diňe 8 milliard dollara golaý möçberde karz berlendigi, ýene bir möçberi aýdylmadyk uly kreditiň berlendigi barada habar çykdy.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky serişdeleriniň möçberi aýdylmaýar, emma Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA World Factbook) maglumatlaryna görä, olar 2013-nji ýylyň aýagynda 22 milliard dollar bolanlygyndan 2016-njy ýylyň aýagynda 10 milliard dollara çenli azaldy.
Bäş million ilatly ýurt üçin galan pul belki-de beýle az hem däldir, emma olar TOPH ýaly mega-proýektleri özbaşdak maliýeleşdirmek üçin asla ýeterlik däl.
Aýdylýan gürrüňlerden çen tutulsa, ýurtda hususy adamlara dollar satyn almak tasdan mümkin däl ýagdaýa baryp ýetdi, “ýakyn daşary ýurtlardan” import edilýän elektronikanyň we beýleki harytlaryň bahasy bolsa 2016-njy ýylda 50 prosent gymmatlady (Dogry, resmi statistika görä, işler beýle ýaramaz däl, jemi içerki önümiň derejesi ýylda 6%-den gowrak ösýär.).
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl, kimdir birlerini bu proýektlere gyzyklandyrmak we onuň gurluşygyna pul çekmek maksady bilen dürli ýurtlara sapar etdi, ýöne mundan netije bolmady. Ol şu maksat bilen Germaniýa, Saud Arabystanyna we hatda Malaýziýa hem gitdi.
Türkmenistanyň prezidenti hatda bu proýekte gatnaşmagy öz gönümel bäsdeşi Katara hem teklip etdi. Ol bu teklibi Kataryň Olimpiýa komitetiniň başlygy Aşgabada sapar edende etdi. Şübhesiz, STG-yň kömegi bilen Günorta Aziýanyň bazarlaryny ymykly eýelemek planyny çekýän katarlylar bu teklibi degişem hökmünde kabul edendirler.
Berdimuhamnedow goňşy Özbegistana hem hyzmatdaşlyk teklibi bilen ýüz tutdy. Özbekler öz gazalaryny satmaga we bu proýekte operator hökmünde gatnaşmaga razylyk berdiler, emme görnüşinden, pul welin bermediler, sebäbi berip biljek däldiler, olarda beýle pul ýokdy. Häzirlikçe Türkmenistan diňe halkara Yslam ösüş bankyndan maliýeleşdirme çeşmesini tapdy, emma bu diňe 700 million dollar möçberinde boldy.
Emma proýekti amala aşyrmak üçin ýeterlik serişdäniň ýokdugyna garamazdan, 2015-nji ýylyň dekabrynda gaz geçirijiniň Türkmenistanyň territoriýasyndaky böleginiň gurluşygyna başlanandygy yglan edildi. Gaz ýatagyndan Owganystan bilen serhede çenli çekilmeli magistralyň uzynlygy 214 km.
Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyna jogap berýän wise-premýer Maksat Babaýewiň her aýda diýen ýaly gaz geçirijiniň gurluşygynyň plan boýunça alnyp barylýandygy, proýektiň tutuşlygyna eýýäm 2019-njy ýylda işe giriziljekdigi barada berýän optimistik habarlaryna garamazdan, häzirlikçe hiç kim gurluşygyň netijelerini görenok. Ol ýerde anyk näme guruldy, asla gurlan zat beri barmy, bu belli däl.
Ýogsa-da, pakistanlylar hem 2017-nji ýylyň martynda proýektiň üstünde işlemäge başlandyklaryny yglan etdiler.Emma, Eýrandan çekiljek gaz geçiriji tejribesiniň görkezişi ýaly, bu ýurtdan berilýän optimistik habarlary hem ynamsyz kabul etmeli bolýar.
Gündogar inçe mesele.Pakistanyň nebit ministri birnäçe gün ozal Eýranyň habar agentligine beren interwiýusynda TOPH gaz geçirijisiniň gurlup gutarylmagy Owganystandaky durnuksyzlyk zerarly soňa goýlar we hiç wagt Pakistan üçin eýran nebitiniň ornuny çalyşmaz diýdi.
Şol ministr birnäçe gün ozal senatda çykyş edip, TOPH proýektini amala aşyrýan “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň bu çäräniň proýektden ozal geçiriçilmeli tapgyrlaýyn işlerini (pre-FEED) geçirmek üçin (bu maşruty, onuň daşky gurşawa täsirini jikme-jik öwrenmgi we beýlekileri öz içine alar) konsultant tutandygyny habar berdi.
Onuň sözlerine görä, gurluşyk proýektiň tehniki esaslandyrmalary we maliýe üpjünçiligi tamam bolandan soň başlanar we eýýäm 2020-nji ýylyň aýagyna tamam bolar.
Şeýlelikde, Pakistanyň nebit ministriniň sözlerinden gelip çykyşyna görä, TOPH proýekti häzir hakykatda nolunjy stadiýada ýerleşýär. Onda türkmenleriň bu geçirijini eýýäm gurup ýörmeginiň sebäbi näme? Olar gutarnykly ylalaşyk baglaşylmazdan we ähli dokument işlenip taýýarlanylmazyndan öň öz ellerinde galan soňkuja pullaryna gaz geçiriji gurar ýaly beýle derejede awantýurist däldir ahyryn.
Bu brawura habarlarynyň ählisi diňe daşary syýasat oýny, aýdaly, Hytaýa ýa-da Orsýete basyş görkezmek üçin serişde diýip çaklamak mümkin.A belki-de, käte awtoritar döwletlerde uzak wagt ýurdy dolandyran lider reallykdan aýak üzüp, diňe öz hyýallarynda ýaşap başlanda bolşy ýaly, Türkmenistanyň lideri hakykatdanam TOPH geçirijisiniň gurluşygynyň doly depginde alnyp barylýandygyna we 2019-njy ýylda tamlanjagyna çyny bilen ynanýandyr?
Onuň golasty işgärlerinden bolsa hiç biri oňa hakykaty aýtmaga het edip bilýän däldir?
Haýsysy hem bolanda, görnüşinden, Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýa gaz akdyrjak gaz geçirijiniň guruljak wagty entek gelenok.