BMG-nyň Owganystan ýardam missiýasy (UNAMA) tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Owganystanyň tussaghanalaryndaky tussaglylaryň hukuklarynyň äsgerilmeýändigi habar berildi.
Missiýanyň hökümetiň gözegçiligi astyndaky 63 tussaghanadaky tussaglylar bilen duşuşyp habarnama taýarlandygy mälim edilen beýanatda: "Owganystanda tussaglylara ezýet berilýär we erbet daralýar" diýip aýan edildi.
Ezýet bermäniň we erbet daralmagyň Owganystanyň kanunlaryna we halkara hukugyň düzgünlerine tersdigi ýatladylyp, hökümediň tussaglylara güýç ulanmagyň azaldylmagy bilen tagallalaryna garamazdan tussaghanalardaky ezýet bermeleriň dowam etmeginiň aladalandyryjydygy beýan edildi.
Beýanatda Talibanyň gözegçiligi astyndaky tussaghanalardaky ýagdaýlar barada bolsa maglumatyň bolmandygy mälim edildi.
Tussaghanalarda ezýet berilmek derejesiniň iň ýokary bolan welaýatyň ýurdyň Kandagar welaýatydygy bellenen beýanatda, ezýet bermeleriň we erbet daralmalaryň bes edilmegi barada çagyryş berildi.