Owganystanyň türkmen dilli 'Göreş' gazeti 44 ýyl soň öz işini bes etmeli boldy

Owganystanyň türkmen dilli 'Göreş' gazeti 44 ýyl soň öz işini bes etmeli boldy

Iýunyň başlarynda “Haşt-e Subh” owgan neşiri demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda, etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan sebitinde, türkmen dilinde çap edilýän “Göreş” gazetiniň işiniň bes etdirilendigini habar berdi.

Neşire görä, türkmen dilinde çap edilýän “Göreş” gazeti Owganystanda 1978-nji ýylda esaslandyryldy. Owganystanyň Serhet we tire-taýpalar ministrliginiň ygtyýarnamasy bilen çap edilen gazet ýurtda işe girizilen ilkinji türkmen neşiri bolup durýar.

44 ýyl ozal türkmen neşiriniň esaslandyrylmagyna rugsat beren Serhet we tire-taýpalar ministrligi, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň gözegçiligi astynda, türkmen neşirine resmi hat iberip, onuň ygtyýarnamasynyň ýatyrylandygyny habar berdi.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçler Owganystandan çekilip, 2021-nji ýylyň awgustynda “Talyban” Kabulda häkimiýeti ele geçireli bäri, “Haşt-e subh” neşirine görä, Owganystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 40 göterimi öz işini bes etmeli boldy.

Neşire görä, “Talyban” “Göreş” gazetiniň ýapylmagy barada teswir bermeýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany demirgazyk Owganystanda türkmen dilinde çap edilýän “Göreş” gazetiniň ýapylmagyna hem-de dünýä türkmenleriniň metbugat azatlygy babatdaky meselelerine gönükdirilýär.

Gepleşigimize Türkiýede ýaşaýan asly türkmensähraly alym we ýazyjy, Eýranda geçen ýyl ygtyýarnamasy ýatyrylan “Sähra” gazetiniň öňki baş redaktory Abdyrahman Düýeji gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Ysraýyl-Hizbullah çaknyşygy Ýakyn Gündogary ýene-de bir gezek urşuň bosagasyna getirdi