
Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Muhammed Asyf Weziri, Mazari-Şarif şäheriniň merkezinde ýerleşýän Tibýan medeniýet merkezinde metbugat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede bombaly hüjümiň guralandygyny habar berdi.
Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1 adamyň ýogalandygyny aýdan Weziri, 5 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Weziri ýaralanan adamlaryň arasynda metbugat işgärleriniň hem bardygyny beýan etdi.
Şaýatlar bolsa hüjümde 3 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň hem ýaralanandygyny öňe sürdi.
Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.