Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Apat dolanşygy ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mewlewi Muhammed Nesim Hakkani, esasan hem ýurduň gündogaryndaky welaýatlarda täsirli bolan sil apatlary sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artandygyny mälim etdi.
Meýdan Wardak, Paktika, Nangarhar, Nuristan, Perwan, Pençşir we Paktiýa welaýatlary bilen birlikde jemi 10 aýry welaýatda täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlary sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 23 adama ýetendigi, 20-den gowrak adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.
Sil apatlarynda 2 müň 500-den gowrak öýe zyýan ýetendigi, takmynan 2 müň haýwanyň ölendigi aýan edildi.
Sil apatlarynyň başdan geçirilen sebitlere gözleg we halas ediş toparlarynyň gönükdirilendigi, haýyr-sahawat guramalarynyň sebite has köp goldaw berjekdigi barada söz berendikleri beýan edildi.
Şäherleriň arasyndaky käbir ýollaryň ýapylandygy we zyýan ýetendigi, toparlaryň ýollary açmak üçin iş alyp barýandyklary habar berildi.
Ministrlik tarapyndan berilen maglumata görä soňky 1 aýda ýurduň 20 aýry welaýatynda başdan geçirilen sil apatlarynda 90-dan gowrak adam ýogaldy, 120- adam ýaralandy.