Owganystanyň Türkmenistan serhedindäki Farýab welaýatynda başdan geçirilen sil apatlarynda azyndan 18 adam ýogalan bolsa, ýurduň demirgazyk welaýatlarynda soňky birnäçe hepde bäri täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 400 adama ýetdi.
TOLO NEWS habarlar agentligine beýanat beren Farýab welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Ismetullah Muradi, welaýatdaky sil apatlarynda azyndan 18 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Ismetullah Muradi 2 müň gektardan gowrak ekin meýdan ýerleriniň ulanyp bolmajak ýagdaýa gelendigini, 1000-den gowrak öýe zeper ýetendigini we 300-den gowrak malyň ölendigini mälim etdi.
Beýleki tarapdan Ghor welaýatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ençeme adamyň ýogalandygy we onlarça adamyň dereksiz ýitendigi aýan edildi.
Owganystanda her ýyl ýüzlerçe adam tebigy apatlar sebäpli ýogalýar.