Owganystandaky sergide $45 milliona deň bolan ylalaşyklara gol çekildi

Owganystandaky sergide $45 milliona deň bolan ylalaşyklara gol çekildi

Owganystanyň Kabul şäherinde 23-nji iýulda öz işini tamamlan ymam Abu Hanifa adyndaky ikinji Milli we halkara sergi-ýarmarkasynda Owganystanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 45 million ABŞ dollaryna deň bolan ylalaşyklara gol çekildi. Bu barda Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň (ACCI) başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Ýusuf Momandyň aýdanlaryna salgylanyp, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy ýekşenbe güni habar berdi.

Kabul şäheriniň sergi merkezinde geçirilen sergi-ýarmarkasyna Owganystandan, Pakistandan, Türkmenistandan, Eýrandan we Türkiýeden gelen önüm öndürijiler 1000-den gowrak diwarlyklary bilen gatnaşdylar.

Şeýle hem Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň (ACCI) başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Ýusuf Momand serginiň dowamynda zenan telekeçileri tarapyndan umumy möçberi 41 million owganydan (Owganystanyň pul birligi) gowrak bolan önümiň satylandygyny aýtdy.

“Owgan we daşary ýurtly telekeçileriň arasynda 500-e golaý kiçi we uly ylalaşyklara gol çekildi” diýip, Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň başlygynyň orunbasary Haýruddin Maýal belledi.

Şeýle hem Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nuruddin Azizi Owganystanyň gowy standartlara esaslanmak arkaly 15 görnüşli derman serişdelerini öndürip, lukmançylyk pudagynda öz-özüni üpjün edýändigini aýtdy.

Ymam Abu Hanifa adyndaky ikinji Milli we halkara sergi-ýarmarkasy 16-22-nji iýul aralygynda Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasy tarapyndan gurnaldy.

Ýene degişli makalalar

Owganystan Türkmenistan bilen araçäkde täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär
Owgan KHS: Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň galmagy onuň Owganystanda hem artmagyna täsir etdi
Owganystan Türkmenistan bilen serhetde täze serhet geçelgesini gurmagy meýilleşdirýär
Kuraş 2023: Awlýakulyýew bilen Hemrakulyýew ýarym finalda
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 1200 Adama Golaýlady
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek mejlisine gatnaşar