Owganystanda ýer titreme boldy

Owganystanda ýer titreme boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýerli wagt bilen sagat 10:26-da 5,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň güýç merkeziniň Badahşan welaýatynyň Eşkaşim etrabydygyny habar berdi.

Ýeriň 224 km aşagynda emele gelen ýer titremede ýitgi çekilip-çekilmändigi barada maglumat berilmedi.

Ýer titreme ýurduň paýtagty Kabul we Owganystanyň demirgazygyndaky welaýatlar bilen goňşy ýurtlar Täjigistanda we Pakistanda duýuldy.

Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Hindiguş daglarynda ýerleşýän Badahşan welaýatynda ýygy-ýygydan ýer titremeler bolýar.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda ýer titremesi boldy
Indoneziýada ýer titremesi boldy
Filippinlerde 6,7 bal ululygynda ýer titreme boldy
Hytaýly alymlar Garagumdaky Bokurdak obasyna baryp gördüler
Hindistanda Ýer Titredi
Filippinde Ýer Titredi