Owganystanda Türkmenistanyň serişdelerine gurlan täze metjit açylar

Owganystanda Türkmenistanyň serişdelerine gurlan täze metjit açylar

Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý (Akina) serhetýaka uýezdinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurlan täze metjidiň açylyş dabarasy bolar. Dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň müftüsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystana gider.

Metjit türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly kömeginiň nyşany hökmünde guruldy. Täze metjit birbada 500 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Onuň gurluşygy üçin Türkmenistan Mazari-Şerifdäki konsullyk gullugynyň üsti bilen Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO owgan kompaniýasy bilen şertnama baglanyşdy. Gurluşyk işleri noýabr aýynyň ortalarynda tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Owganystana goldaw bermäge toplumlaýyn çemeleşýär
Türkmenistan Owganystanda 500 adamlyk metjit gurdy
Türkmenistan goňşy Owganystan döwletine metjit gurup berdi
Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmen-owgan bilelikdäki demir ýol taslamalary maslahatlaşyldy
Türkmen wekiliýeti Akinada saparda bolar