Owganystanda Terror Guramalarynyň Aksiýalary Artýar

Owganystanda Terror Guramalarynyň Aksiýalary Artýar

Putin paýtagt Moskwada käbir ýurtlaryn howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri bilen geçirilen Owganystan temaly maslahatda çykyş etdi.

Dünýäde köp sanly çaknyşygyň başdan geçirilýändigini beýan eden Putin; “Oňa göz ýetirýäris. Emma ol Owganystandaky ýagdaýyň ähmiýetini azaltmaýar.

Owganystan biziň üçin elmydama möhüm ähmiýetlidi we häzirki wagtda hasam möhüm. Sebäbi günorta serhetlerimiziň dartgynlaşmagyny islemeýäris” diýdi.

Owganystandaky şertleriň kadalaşmandygyny nygtan Putin; “Amerikan goşunlarynyň çekilmeginden soň Owganystandaky şertler gynansagam kadalaşmady. Halkara terror guramalary Owganystandaky aksiýalaryny artdyrýar. Potensialyny artdyran Al Kaýda şolardan biri” diýdi.

Putin käbir ýurtlaryň halkara terrorizme garşy göreş sebäpli Owganystandaky pozisiýasyny güýçlendirmäge çalyşýandygyny nygtan; “Owganystandaky gumanitar ýagdaý agyrlaşýar, 4 milliona golaý adam ynsanperwer kömege mätäç. Bikanun neşe söwdasynyň gerimi giňeýär we gynansagam neşe ekilýän meýdanlar giňelýär. Meniň pikirimçe global bazardaky neşe maddalarynyň 80 göterimi Owganystandan gidýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýüpek Ýoly Toyota awtoulaglarynyň eýeleri üçin giň gerimli aksiýa hödürleýär
Elektronika dünýäsi dükanynda 40%- çenli uly arzanladyş dowam edýär
Bossan Concept dükanlarynda üsti garly Täze ýyl arçalaryna aksiýa yglan edildi
Toý hyzmatlaryny guraýan Ak kepderi kärhanasy uly aksiýa yglan edýär
NG Kutahya dükanynda ähli önümlere 50%-e çenli arzanladyş yglan edildi
Hoş Syýahat türk awiakompaniýasynyň peteklerini satyn alanlara sowgat berýär