Owganystanda Talibanyň guran hüjüminde 8 polisiýa işgäri ýogaldy

Owganystanda Talibanyň guran hüjüminde 8 polisiýa işgäri ýogaldy

Balh welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Adylşah Adil, ýurdyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň Nahri Şahi etrabyndaky hadysada Talibanly başbozarlaryň etrabyň Şahrek Türkmeniýe obasyndaky polisiýa merkezine ýaragly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde 8 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny, 4-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdan Adil, hüjümden soň bolan ýaragly çaknyşykda 5 Talibanly başbozaryň öldürilendigini, 7 başbozaryň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa Polisiýa merkezine garşy guralan ýaragly hüjümde 12 polisiýa işgäriniň öldürilendigi öňe sürüldi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT