Owganystanda Talibanlylar polisiýa merkezine hüjüm gurady

Owganystanda Talibanlylar polisiýa merkezine hüjüm gurady

Bathyzyň welaýat Şurasynyň wekili Muhammed Nasyr Nazari, Talibanly başbozarlaryň Bathyzyň Ab Kemeri etrabyndaky polisiýa merkezine ýaragly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde 5 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny aýdan Nazari, 3 polisiýa işgäriniň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Nazari sebite goşmaça harby güýjüň gönükdirilmegi bilen Talibanly başbozarlaryň yza serpikdirilendigini aýan etdi.

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi.

Beýleki tarapdan bolsa Talibanly başbozarlaryň ýurdyň Gor welaýatyndaky polisiýa merkezine hüjüm guramagy netijesinde 2 howpsuzlyk işgäri ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa,Talibanyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy üçin işe girişdi
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT