Owganystanda soňky 3 günde sil sebäpli ýogalanlaryň sany 33 adama ýetdi.
Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň Tebigy apatlardan jogapkär Döwlet ministriniň metbugat sekretary Molla Janan Saik, metbugata beren beýannamasynda, Farah, Hyrat, Zabul we Kandahar welaýatlarynda sil sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artandygyny mälim etdi.
Soňky 3 günde ýurtda 21 welaýatda sil apatynyň başdan geçirlendigini aýdan Saik, apatda 33 adamyň ýogalandygyny, 27 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.
Sil apaty sebäpli 200 haýwanyň gyrlandygyny, 600-den gowrak öýe zeper ýetirlendigini aýdan Saik, 2 müň gekdarlyk ekin meýdanynyň hem suwyň aşagynda galandygyny nygtady.
Saik sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini aýtdy.
Owganystanda her ýyl ýüzlerçe adam sil apaty sebäpli ýogalýar.