
Owganystanda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apaty sebäpli 8 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.
Ýurduň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar şäherinde sil apaty sebäpli ýogalanlardan 4-niň çagadygy anyklandy.
Sil apaty sebäpli köp sanly öýüň suwyň aşagynda galandygy ýada uly zeper ýetirlendigi bellenildi.
Parwan welaýatynda hem ýekşenbe güni sil apaty sebäpli 17 adam ýogalypdy.