Owganystanda Şaýy Hazaralar Nyşana Alyndy

Owganystanda Şaýy Hazaralar Nyşana Alyndy

Owganystanda şaýy Hazaralara garşy guralan ýaragly hüjümde 14 adam ýogaldy.

TOLO Nýusa görä, Daýkundi we Gor welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän Karýudal sebtinde şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan şaýy Hazaralara garşy hüjüm guraldy.

Hüjümde azyndan 14 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DEAŞ öz üstüne aldy.

Owgan hökümeti tarapyndan heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Owganystanda terror guramasy DEAŞ-yň başda durmagynda dürli ýaragly toparlar ýygy-ýygyndan owgan şaýylaryna garşy hüjüm guraýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa- Ukraina Söweşi Dowam Edýär
Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Ukraina, Russiýanyň Belgorod Şäherini Nyşana Aldy
Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Erdogan Kuweýdiň Emirini Döwlet Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady