Owganystanda metjitde bomba partladyldy

Owganystanda metjitde bomba partladyldy

Owganystanyň Mazary Şerif şäherindäki metjitleriň birinde guralan bombaly hüjümde azyndan 10 adam ýogaldy, 40 adam ýaralandy.

Mazary Şerif şäherindäki hassahananyň remisi lukman Ghawsuddin Enweri, şaýylara degişli Sai Doken metjidinde guralan bombaly hüjümden soň ýogalan we ýaralanan adamlaryň tiz kömek we hususy ulaglar bilen hassahana getirilendigini mälim etdi.

Bombaly hüjümde azyndan 10 adamyň ýogalandygyny aýdan Enweri, ýaralanan 40 adamyň bolsa bejergi astyna alynandygyny habar berdi.

Roýter habarlar agentligine beýanat beren Talibanyň resmisi: "Şäheriň 2-nji zolagyndaky şaýylara degişli metjitde partlama boldy. 20-den gowrak ýogalan we ýaralanan adam bar" diýip aýan etdi.

Ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Şaýatlar bolsa hüjümiň kamikaze hüjümçisi tarapyndan guralandygyny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Malaýziýanyň Premýer-ministrine Togg Sowgat Etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Akyldaryň okan mekdebi
Owganystanda metjide guralan hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy
Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Daşary ýurt metbugatyna syn