Owganystanyň Mazary Şerif şäherindäki metjitleriň birinde guralan bombaly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.
DAIŞ sosial media hasabyndan beren beýanatynda, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Beýleki tarapdan şaýatlar hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 31 adama we ýaralananlaryň sanynyň 80-den gowrak adamdygyny öňe sürdiler.
Şaýatlaryň aýtmagyna görä hüjüm metjitde öýle namazy okalýan mahaly guraldy.
Mazary Şerif şäherindäki hassahananyň remisi lukman Ghawsuddin Enweri, şaýylara degişli Sai Doken metjidinde guralan bombaly hüjümden soň ýogalan we ýaralanan adamlaryň tiz kömek we hususy ulaglar bilen hassahana getirilendigini mälim etdi.
Bombaly hüjümde azyndan 10 adamyň ýogalandygyny aýdan Enweri, ýaralanan 40 adamyň bolsa bejergi astyna alynandygyny habar berdi.
Ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.
Şaýatlar bolsa hüjümiň kamikaze hüjümçisi tarapyndan guralandygyny beýan etdiler.