Owganystanda Guralan Ýaragly Hüjümde 7 Işçi Ýogaldy

Owganystanda Guralan Ýaragly Hüjümde 7 Işçi Ýogaldy

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynda fabrige guralan ýaragly hüjümde 7 işçi ýogaldy.

Içeri işler müdüri Juma Gül Himmeti, Surhrod etrabynda ýerleşýän fabrige şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan ýaragly hüjümiň guralandygyny aýtdy.

Himmeti hüjümde 7 işçiniň ýogalandygyny belledi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady, emma hüjümiň terror guramalary tarapyndan guralandygy nygtalýar.

Ýurtda soňky döwürde guralan ýaragly hüjümler artmaga başlady.

Şu gün irden Nangarharyň merkezi Jelalabad şaherinde döwlet keselhanasynda işleýän zenan lukman ýaragly hüjüme sezewar boldy.

Lukmanyň guralan bombaly hüjümde ýogalandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Kabardin-Balkariýanyň ýaşaýjysy dünýäniň 14 sany iň beýik dag belentligine çykdy
4 müňden 6 müňe çenli jeňçi. BMG Owganystanda we sebitde YD-niň howpy barada duýduryş berdi
Owganystanda tebigy apatlar sebäpli 35 adam ýogaldy
Türkmen dilinde we edebiýatynda Aşura medeniýetiniň üçünji kongressi Fakhreddin Asad Gorgani zalynda geçirildi
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar
Owganystanda Talibana garşy operasiýa geçirilýär