Owganystanyň Badahşan welaýatynda, Taliban tarapyndan bellenen häkimiň orunbasary Mewlewi Nisar Ahmed Ahmediniň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.
Terror guramasy DAEŞ, sosial media arkaly beren habarnamasynda, düýn ir ertir guralan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Badahşan welaýatynyň etrap merkezi Feýzabatda, häkimiň orunbasary Mewlewi Nisar Ahmed Ahmedi janyna kast edilmegi sebäpli ýogalypdy.
9-njy martda Owganystanyň Balh welaýat häkimligine DAEŞ tarapyndan guralan bombaly hüjümde hem häkim Dawud Muzemmil ýogalypdy.
Talibanyň 2021-nji ýylyň awgust aýynda Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soň DAEŞ, Talibana we asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini artdyrdy.