Owganystanda Guralan Bombaly Hüjümde 7 Adam Ýogaldy

Owganystanda Guralan Bombaly Hüjümde 7 Adam Ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Balh welaýatynyň Mazary Şerif etrabynda döwlet gullukçylaryny alyp barýan awtobusy nyşana alan bombaly hüjümde 7 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, ertiriň irki sagatlarynda Özbegistan serhedinde ýerleşýän Haýratan gümrük geçelgesinde işleýän gullukçylary alyp barýan awtobusa bombaly hüjüm guraldy.

Balhyň İçeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Muhammed Asyf Weziri, hüjümde 7 adamyň ýogalandygyny, 6 adamyň hem ýaralanandygyny ýatlatdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Mekdebe Guran Hüjüminde 9 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 312 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Owganystanda Asuda Ilaty Nyşana Alan Hüjümde 9 Adam Ýogaldy
Owganystanda Balh welaýatynyň häkimine garşy bombaly hüjüm guraldy