Düýn Owganystanda güýji 6,5 bala deň bolan güýçli ýertitreme boldy diýip, Ýewropa-ortaýer seýsmiki merkeziň saýtyna salgylanýan Belta.by ýazýar.
Ýer yranmasynyň merkezi ýurduň Gunduz şäherinden gündogarda 195 kilometrlikde hasaba alyndy, onuň ojagy 194 kilometr çuňlukda ýerleşdi.
Reuters habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, ýerasty sarsgynlar Pakistanda, Hindistanda, Täjigistanda, Gazagystanda we Özbegistanda duýuldy.
Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa ülkesinde hasaba alnan ýer yranmasynda iki adamyň, ýene iki adamyň Owganystanyň gündogaryndaky Lagman ülkesinde pida bolandygyny MIR 24 habar berýär.