Owganystanda gaýygyň batmagy netijesinde 20 adam ýogaldy

Owganystanda gaýygyň batmagy netijesinde 20 adam ýogaldy

Owganystanyň metbugatynda berilen habarlara görä, welaýatyň Medeniýet we maglumatlar edarasynyň müdüri Karişi Badlun düýn irden Momand Dara etrabyndaky derýada gaýyklaryň biriniň batandygyny habar berdi.

Karişi Badlun wakada 20 adamyň ýogalandygyny, ýogalanlaryň arasynda çagalaryň we zenanlaryň hem bardygyny mälim etdi.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýdan Karişi Badlun häzirki wagta çenli 5 adamyň halas edilendigini beýan etdi.

Gaýygyň batmagy bilen bagly derňew işi başladyldy.

Ýene degişli makalalar

22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
4-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar
La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler
Türkmen talyby Daşkentde halkara sylaga mynasyp boldy
Rus Hüjümlerinde Köp Sanly Ukrain Raýaty Öldi