Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Badhys welaýatynda 5,3 bal ululygyndaky ýer titremesinde 12 adamyň ýogalandygy habar berildi.
ABŞ-nyň Geologiýa ylmy barlag merkezinden berlen beýannamada, Badhyz welaýatynyň Kale, New şäheriniň 41 kilometr gündogarynda 5,3 bal ululygynda bolan ýer titremesiniň ýeriň 18,8 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.
Kads etrabynyň häkimi Muhammed Salih Purdik ýer titremesinde birnäçe öýüň ýykylandygyny we ilkinji kesgitlemelere görä çagalar bilen birlikde 12 adamyň ýogalandygyny aýtdy.
Mukur etrabynda hem käbir öýleriň ýykylandygy we ýaralananlaryň bardygy ýatladyldy.
Ýer titremesi ýurduň günbatarynda Gerat we Farah welaýatlarynda hem täsirli boldy.