Owganystanda başdan geçirilen iki aýry ulag heläkçiliginde 52 adam ýogaldy

Owganystanda başdan geçirilen iki aýry ulag heläkçiliginde 52 adam ýogaldy

Owganystanyň metbugatyna görä Gazna welaýatynyň Şahbaz we Andar etrabynyň Nani diýilýän ýerinde düýn gije 2 aýry ulag heläkçiligi başdan geçirildi.

Gazna welaýatynyň Saglygy goraýyş müdürliginden berilen beýanata görä, wakada 52 adam ýogaldy, 76 adam ýaralandy.

Iki ýol hadysasynyň hem paýtagt Kabul şäheriniň günortasyndaky Kandagar welaýatyny birleşdirýän esasy ýolda bolup geçendigi we bir ýolagçy awtobusynyň nebit tankeri bilen, başga bir ýolagçy awtobusynyň bolsa bir ýük ulagy bilen çakyşandygy mälim edildi.

Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Müjahid çap eden gynanç hatynda degişli edaralara gyssagly kömegiň berilmegi barada we heläkçiligiň sebäbiniň gysga wagtda derňelmegi barada tabşyrylandygyny aýtdy.

Owganystanda ençeme ýyl bäri dowam eden çaknyşyk gurşawy sebäpli infrastruktura we ýol desgalary ösdürilmedi we şol sebäpli ýol hadysalarynda ýogalanlaryň sany köp bolup bilýär.

Ýene degişli makalalar

25-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Namibiýanyň täze Prezidenti Nangolo Mbumba kasam kabul etdi
Ýaponiýadaky ýer yranmasynda pida bolanlaryň sany 200 adama ýetdi
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy
Ýeňlişsiz topar galmady
Azerbaýjan Aý bekediniň gurluşygyna goşulmakçy