Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda gubernatorlyk binasynda guralan bombaly hüjümde, welaýat häkimi Dawut Muzammil ýogaldy.
Balh welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Asyf Weziri, hüjümiň gubernatorlyk binasynda ýerli resmileriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň bolan mahaly guralandygyny habar berdi.
Hüjümde Balh welaýatynyň häkimi Muhammed Dawut Muzemmil bilen asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygyny aýdan Weziri, hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi.
Şaýatlar gubernatorlyk binasyna tiz kömek ulaglarynyň ugradylandygyny we golaýdaky ýollaryň ulaglara ýapylandygyny beýan etdiler.
Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.