Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Balh welaýatynyň merkezi Mazary Şerif şäherinde yzly yzyna guralan bombaly hüjümlerde asuda ilatdan 9 adam ýogaldy.
Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň Balh welaýatynyň içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Muhammed Asyf Weziri, Mazary Şerifiň mekezinde ýolagçy marşrutkalarynyň Sejjadide we Tantinerha duralgalarynda yzly yzyna bombaly hüjümiň guralandygyny aýtdy.
Hüjümde asuda ilatdan 9 adamyň ýogalandygyny aýdan Weziri, 13 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.
Şaýatlar bolsa hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 10 adamdan has köpdügini öňe sürdi.
Hüjümlerde şäher merkezinden golaýdaky obalara barýan şaýylaryň ulagynyň nyşana alynandygy nygtaldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.