Owganystanda soňky günlerde täsiri güýçlenýän aşa sowuk howalar sebäpli 78 adam ýogaldy.
Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň Tebigy apatlardan jogapkär Döwlet ministrliginiň metbugat geňeşçisi Şahiullah Rahimi mesele hakynda metbugata beýannama berdi.
Ýurduň çar tarapynda aşa sowuk howa sebäpli soňky 9 günde ýogalanlaryň sanynyň 78 adama ýetendigini aýdan Rahimi, 75 müňe golaý haýwanyň hem gyrlandygyny belledi.
Ýurtda käbir welaýatlarda howanyň ýylylygynyň minus 34 gradusa çenli aşaklandygy bellenildi.
Wagtlaýyn hökümetiň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahidi aşa sowuk howalar hakynda beren beýannamasynda, ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi, degişli çäreleriň görülmegi üçin ýerli ýolbaşçylara görkezme berlendigini ýatlatdy.
Aşa sowuk howalaryň ýene-de bir hepde dowam etmegine garaşylýar.