Owganystanda Aşa Sowuk Howa Täsirini Dowam Etdirýär

Owganystanda Aşa Sowuk Howa Täsirini Dowam Etdirýär

Owganystanda soňky 2 hepdeden bäri täsirini dowam etdirýän aşa sowuk howa sebäpli ýogalanlaryň sany 157 adama ýetdi.

Ýurtda howanyň ýylylygy paýtagt Kabulda gijelerine-10 gradusa, käbir welaýatlarda bolsa -30 gradusa çenli aşaklady.

Wagtlaýyn hökümetiň Tebigy apatlardan jogapkär Döwlet ministriniň metbugat geňeşçisi Şahiullah Rahimi, ýurtda aşa sowuk howa sebäpli 157 adamyň doňandygyny mälim etdi.

Rahimi 75 müňden gowrak haýwanyň hem agyr gyş pasly sebäpli gyrlandygyny belledi.

Aşa sowuk howanyň esasan Gor welaýatynda täsirini dowam etdirýändigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Demirgazygynda 19 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Habyl we Kabyl” spektaklynyň premýerasy boldy
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 17 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi