Owganystanda 24 adam doňup ýogaldy

Owganystanda 24 adam doňup ýogaldy

Owganystanyň metbugatynda berilen habarlara görä, soňky günlerde esasan hem ýurduň merkezi we demirgazyk sebitlerinde täsirli bolan aşa sowuk howa adam pidalarynyň çekilmegine sebäp boldy.

Şoňa laýyklykda Bathyz welaýatynda 4-si çaga jemi 5 adam, Hyrat we Baglan welaýatlarynda köçelerde ýaşaýan 9 adam, Hos welaýatynda 5 adam, Farýab welaýatynda 2 adam, Jüzjan welaýatynda 2 adam we Sare-Pol welaýatynda 1 adam doňup ýogaldy.

Beýleki tarapdan ýurtda ýüzlerçe adamyň gipotermiýa sebäpli hassahanalara ýüz tutandygy we müňlerçe malyň ýogalandygy mälim edildi.

Owganystanda ykdysady krizis sebäpli gyş möwsüminde odun we kömür alyp bilmeýän az girdejili uly bir gatlak bar.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda soňky bir günde şol bir wagtda 15 aýry ýerde çaknyşyklar boldy
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar
TIKA Owganystanyň günbataryndaky mätäç 600 maşgala azyk kömegi berdi
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Owganystandaky sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 400 adama ýetdi
Owganystanda bombaly hüjüm guraldy