Özbegistan, Eýran, Hytaý, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Russiýa, Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin bilelikdäki mehanizmiň döredilmegi meselesi boýunça ylalaşyk gazandy.
Özbegistanyň Samarkand şäherinde Owganystana goňşy ýurtlar Özbegistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň 4-nji maslahaty geçirildi.
Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Bahtiýar Saidowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen maslahata Hytaýyň Daşary işler ministri Çin Gan, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirajiddin Muhriddin, Pakistanyň Daşary işler ministrliginden jogapkär Döwlet ministri Hina Rabban Khar we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşdy.
Özbegistanyň Daşary işler ministrlinden berlen ýazmaça beýannama görä, ministrler Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin bilelikdäki mehanizmiň döredilmegi meselesi boýunça ylalaşyk gazandy.
Ministr Owganystanda terrorizme we neşe önümçiligine gary göreş meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdy.
Owganystandaky häzirki ýagdaý, ýurtda giň gerimli hökümetiň gurulmagy, owgan zenanlaryna iş we bilim mümkinçiliginiň döredilmegi we azlyklaryň hak-hukuklarynyň goralmagy ýaly birnäçe mesele hem maslahatyň gün tertibinde esasy orun eýeledi.