Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektroenergetika taslamasy boýunça müdirliginiň başlygy Myrat Artykow bilen Owganystanyň Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) energetika kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammed Hanif Hamzanyň arasynda Kabul şäherinde geçirilen gepleşiklerde Hyrat şäherindäki Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyny çaltlaşdyrmak boýunça resminama gol çekildi. Bu barada DABS-yň metbugat gullugy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, bäş günlük gepleşikleriň dowamynda taraplar zerur enjamlar bilen üpjün etmek, işiň gidişini çaltlaşdyrmak we taslamanyň çäginde iki tarapyň hem bähbitlerini we garaýyşlaryny göz öňünde tutmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda DABS-yň ýolbaşçysy Türkmenistanyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi we Nur ul-Jihad podstansiýasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
DABS özüniň metbugat üçin taýýarlan beýanatynda Türkmenistandan Herat şäheriniň Nur ul-Jihad podstansiýasyna elektrik toguny ibermek taslamasynyň möhüm taslamadygyny, sebäbi ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde elektrik üpjünçiligi meselesini çözjekdigini belläp geçýär.
Göz öňünde tutulan 500 kW elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy we Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasy tamamlanandan soň, Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdary 110 megawata çenli artar.
Bu taslamanyň bahasy 3,2 million amerikan dollaryna deň bolup, ol Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýär we DA Breshna Sherkat owgan kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.