Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

Owganystanyň iň uly energiýa kompaniýasy bolan Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS Türkmenistan bilen energiýa satyn almak şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Newscentralasia habar berdi.

Bu şertnama DABS-yň baş ýerine ýetiriji direktory Abdul Bari Omaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana sapary wagtynda gol çekildi.

DABS-yň habaryna görä, bu şertnama laýyklykda elektrik togy Türkmenistandan Owganystana dört ugur boýunça, ýagny Andhoý, Akina, Badgis we Turgundy — Hyrat arkaly getiriler.

Owganystan içerki çeşmelerden, takmynan, 300 megawat elektrik öndürýär we her ýyl goňşy ýurtlardan — Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Eýrandan 620 megawatdan gowrak energiýa import edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň elektrik pudagynyň wekilleri Türkmenistanda saparda boldular
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Türkmen wekiliýeti Kabulda elektrik geçiriji taslamalar boýunça gepleşikleri geçirýär
Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Türkmen-owgan elektrik energiýa kompaniýalary bilelikdäki taslamalara garadylar
FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar