Owganystan Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini iki esse artdyrmak isleýär

Owganystan Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini iki esse artdyrmak isleýär

Owganystanyň energiýa kompaniýasy (Da Afghanistan Breshna Sherkat) Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini 110 MWt-dan 220 MWt-a çenli ýetirmegi maksat edinýär. Ariana News habarlar gullugynyň habaryna görä, bu barada Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň işgärleri bilen owgan wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşigiň barşynda pikir alşyldy.

Türkmenistandan Hyrat Nur-ul-Jihad bekedine elektrik toguny ibermek taslamasy ilatyň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmakda möhüm taslama. Bu taslama demirgazyk-günbatar sebitde elektrik togy bilen baglanyşykly meseleleri çözer. Owgan tarapy bu möhüm taslamanyň gyssagly durmuşa geçirilmegini goldaýar diýip, DABS (Da Afghanistan Breshna Sherkat) kompaniýasy resmi beýanatynda belleýär.

Ýeri gelende bellesek, birnäçe maýa goýujylar Hyratyň ösen senagat we möhüm ulag-logistika merkezi bolan welaýatdygyny belleýär.Welaýatda Owganystanyň esasy gury portlarynyň ikisi ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Owganystan energo taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar
“Türkmenenergo” bilen DABS Hyratdaky podstansiýa elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
“Türkmenenergo” ýurduň çet gyralarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanda Gün elektrik beketleriniň depginli gurluşygy meýilleşdirilýär