Owganystanyň häzirki hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid Türkmenistan bilen serhetde täze gümrük nokadynyň guruljakdygyny mälim etdi. Mujahid bu taslamanyň eksporty we importy ýeňilleşdirmege gönükdirilendigini aýtdy.
Owganystanyň hökümeti Türkmenistan bilen serhetde täze serhet geçelgesini gurmagy meýilleşdirýär. Barlag-geçiriş nokady demirgazyk-günbatar Badgis welaýatynyň Bala-Murgab sebitinde ýerleşer. “TOLOnews” teleýaýlymynyň habaryna görä, bu barada Ministrler Kabinetiniň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid habar berdi.
Döwlet wekili täze ýoluň eksporty we importy ýeňilleşdirjekdigini belledi. Owganystanyň söwda we maýa goýum palatasynyň başlygy Muhammet Yusuf Mohmand barlag nokadynyň ýagyň we unuň daşalyp bilinjek iň gowy serhet geçelgesi boljakdygyny aýtdy. Ol gümrük nokadyny gysga wagtda zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Häzirki wagtda owgan häkimiýetleri gurluşyk şertnamasyna gol çekmek üçin kompaniýalar bilen gepleşik geçirýär. Şu günki günde iki ýurduň arasynda iki sany serhet geçelgesi hereket edip, olaryň biri Farýab welaýatynyň Akina obasynda, beýlekisi bolsa, Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherinde ýerleşýär.
Ýatlap geçsek, iýun aýynda Owganystanyň Oba hojalygy, suwaryş we maldarçylyk ministri Mawlawi Ataullah Omari Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly H.Öwezow bilen gepleşik geçirip, maldarçylyk we oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.