Owganystanyň hökümeti Türkmenistan bilen araçäkde, ýagny Badgis welaýatynyň Bala Murgab etrabynda täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär diýip, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy anna güni habar berdi.
Owganystanyň Hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahidiň mälim etmegine görä, täze serhet geçelgesini döretmegiň maksady harytlaryň eksportyny we importyny işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
Zabihulla Mujahid gurluşyk taslamanyň bahasynyň kesgitlenendigini we ony durmuşa geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Häzirki wagtda owgan hökümeti kompaniýalar bilen bu taslamanyň gurluşygy boýunça şertnama baglaşmak üçin gepleşikleri geçirýär.
Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasy (ACCI) täze serhet geçelgäniň döredilmeginiň Owganystanyň ykdysadyýetiniň we söwdasynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
“Bala Murgabda guruljak geçelge iň gowy serhet geçelgesi bolar. Onuň üsti bilen un hem-de ýag daşap bolar. Biz bu ýerde degişli enjamlaryň tiz wagtda ornaşdyrylmagyny we gurluşygynyň ýerine ýetirilmegini isleýäris” diýip, Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň başlygy Mohammad Ýusuf Momand mälim etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan Owganystan serhedinde 2 sany, ýagny, Farýab sebitiniň Akina obasynda we Gerat sebitiniň Turgundy şäherinde serhet geçelgeleri hereket edýär.