Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gürjüstan we Türkiýe bu bäş ýurdy özara birikdirýän “Lapis Lazuli” transport koridoryny gurmak barada ylalaşdy. Bu baradaky dokumente Aşgabatda Owganystan boýunça geçirilen VII regional hyzmatdaşlyk konferensiýasy wagtynda gol çekildi.
Bu ýurtlary bir-birine birleşdirjek demirýol we awtomobil ulgamlary Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky Torgundy şäheri bilen Aşgabady birikdirmeli we soňra Türkmenbaşy porty bilen Kaspi deňzine çykmaly. Şondan soňra koridor Hazaryň üsti bilen Bakuwa, soňra Tibilisiniň üsti bilen Poti we Batumi portlary arkaly Ankara barmaly we Stambula uzamaly diýip, ТАСС habar berýär.
Proýektiň býujeti $2 milliard hasaplanýar. Bu koridory gurmak hakyndaky konsultasiýalar 2012-nji ýylda başlandy. Bu transport koridorynyň aglaba bölegini milli demirýol we awtomobil ýoly ulgamlary düzer. Sebäbi, ylalaşyk ozaly bilen tranzit logistikasyny we gümrük proseduralaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirildi. Proýektiň esasy maksatlary regionyň ykdysady integrasiýasyny we söwdanyň möçberini giňeltmekden ybarat.
Tranzit koridory proýektinň ady gadymy döwürlerde Merkezi Aziýadan Ýakyn Gündogara, Ýewropa hem-de Demirgazyk Afrika eksport edilen esasy zatlaryň biri bolan lazurit mineralynyň reňkine esaslanyp alyndy.