Owganystan: Türkmen serhedine golaý etrap YD-nyň eline geçdi

Owganystan: Türkmen serhedine golaý etrap YD-nyň eline geçdi

Demirgazyk Owganystanda bir etrabyň merkezi we käbir döwlet edaralary ilkinji gezek Yslam döwleti’ atly toparyň söweşijileriniň eýeçiligine geçdi.

Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Derzap atly etrabyny YD-çylaryň’ basyp alandygyny welaýat geňeşiniň deputatlary aýdýar. Derzap etrabyndan müňlerçe maşgala uruş sebäpli öz öý-jaýyny terk etmäge mejbur boldy. Etrapda YD-çylar’ bilen owgan güýçleriniň arsynda gazaply söweşiň barýandygyny ýerli resmilerem tassyklaýar.

Ýöne Jöwüzjan welaýatynyň polisiýasynyň başlygy Rahmatulla Türküstanynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Derzap etrabyny dolulygyna basyp almak Yslam döwleti’ toparynyň urşujylaryna başartmandyr. Ol “bu etrap heniz synanok” diýdi.

Bu komandir hökümet güýçleri bilen YD’ söweşijileriniň arasynda aldym-berdimli söweşiň barýandygyny bildirdi.

Derzap etrabyny Yslam döwleti’ atly toparyň ýaraglylary entek ele geçirip bilmedi. Owgan güýçleri Yslam urşujylarynyň söweşine garşylyk görkezýär. Harby merkezler owgan güýçleriniň kontrollygynda. Derzap etrabyna ýene biz kömekçi güýç ugradýas. Jeňçiler bilen owgan güýçleriniň arasynda ýowuz uruş barýar diýip, Rahmatulla Türküstany aýdýar.

Derzap etraby Jöwüzjan welaýatynyň paýtagty Şybyrgan şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Welaýatyň Derzap we Goşdepe obalaryna yslam döwleti’ atly toparyň ýaraglylary öňdenem eýeçilik edýärdi.

Demirgazyk Owganystanda welaýat geňeşiniň agzasy, deputat Halyma Sadabyň aýtmagyna görä, ýerli güýçler YD’ toparyň söweşijilerine garşy göreşipdir. Emma merkezi hökümet tarapyndan olara kömek bolmandyr. “Şol sebäpden Derzap etrabynyň bazary jeňçileriň eline geçipdir. Häzirem uruş dowam edýär. Eger merkezi hökümet wagtynda kömek ýetirmese, yslam söweşijileriniň’ Jöwüzjan welaýatynyň merkezi Şybyrgan şäherine-de howp abandyrmagy ahmal” diýip, Halyma Sadap howatyrlanma bildirdi.

Demirgazyk Owganystanda merkezi aziýaly jeňçilerem hereket edýär. Farýap, Jöwüzjan we Serpul welaýatlarynda Özbegistanyň yslam hereketi’ agzalarynyň ýerleşendigini ýerli resmiler aýdýar.

Jöwüzjan welaýatynyň ýerli metbugat wekili Muhammet Reza Gapury YD’ bilen bile özbegistanly’ söweşijileriňem söweşlere gatnaşýandygyny bildirdi.

Merkezi aziýaly söweşijileriň YD’ atly topara tabyn bolandygyny sözçi öňe sürdi. “Jöwüzjan welaýatynyň Derzap we Goşdepe etraplarynda Özbegistanyň yslam hereketiniň ’ söweşijileri öz maşgala agzalary bilen gelip ýerleşdi. Olar ýerli ýaraglylara harby ugurdan tälim berýär hem-de hökümet güýçlerine garşy hüjümleri amala aşyrýar” diýip, Gapury belledi.

Jöwüzjan welaýatynyň 10 etraby bar. Welaýatyň üç etraby Türkmenistan bilen araçäkleşýär. Jöwüzjan welaýatynyň ilatynyň 70% golaýynyň türkmenlerdigi çak edilýär. Goşdepe we Derzap etraplarynda bolsa özbekler ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-owgan serhediniň owgan ýakasynda howpsuzlyk ýaramazlaşýar
Türkmen-owgan serhedindäki erbet ýagdaýlar has-da ýaramazlaşýar
Türkmenistana terror toparlary wehim salýarmy?
'Talyban' etniki türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar
ABŞ Owganystanyň demirgazygynda harby operasiýalary geçirmäge taýýarlanýar’
Meredow we Zarif ekstremist toparlaryň regiona abandyrýan howpuny maslahat etdi