Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar

Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar

Owganystanyň Magdan we nebit ministrligi Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan transmilli gaz geçiriji taslamasynyň başlamagy üçin ähli taýýarlyk işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

TOLOnews habarlar gullugynyň habaryna görä, taslamanyň owgan tarapyndan jogapkär wekili Homaýun Owgan gaz geçiriji bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň çäginde howpsuzlyk çäreleriniň üpjün edilendigini, taslamanyň geçmeli ugry bilen bagly ýer meseleleriniň çözülendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol sebit ýurtlaryny taslamanyň üstünde işlemäge çagyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Yslamabatda saparda boldy.Türkmen wekiliýeti 24-nji iýulda Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malik bilen Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Türkmenistana geldi
Hytaýyň nebit-gaz kompaniýasy demirgazyk Owganystanda nebit çykarmak boýunça şertnama baglaşdy
Owganystan TOPH taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Owganystan Amyderýanyň kenarynda nebit çykaryp başlady
Türkmen wekiliýeti TOPH taslamasy boýunça Kabula sapar eder