Owganystan TOPH taslamasy boýunça howpsuzlyk gurşawyny döretmäge taýýardygyny mälim etdi

Owganystan TOPH taslamasy boýunça howpsuzlyk gurşawyny döretmäge taýýardygyny mälim etdi

Owganystanyň Kabul şäherinde TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi. Oňa TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň we Owganystanyň magdan we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawaryň ýolbaşçylygyndaky türkmen-owgan wekilleri gatnaşdylar.

Ariana News owgan elektron neşiriniň habar bermegine görä, 3-nji awgustda geçirilen duşuşygyň dowmynda M.Amanow taslamanyň soňky döwürde durmuşa geçirilişi bilen bagly ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin maglumat berdi. Şunda, mega taslamanyň amala aşyrylmagy üçin birleşdirilen tagallalaryň zerurdygyna üns çekildi.

Delawer TOPH taslamasy boýunça başy başlanan işlerde gowy görkezijileriň gazanylýandygyna kanagatlanma bildirip, şeýle belledi:

Duşuşygyň ahyrynda iki tarap hem bu taslamasynyň durmuşa geçirilişini çatlandyrmak üçin, ozal ýola goýlan hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Iş topary dörediler
Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar
Pakistanly resmi: TOPH taslamasy, maliýe meseleleri çözülenden soň, üç-dört ýylyň içinde tamamlanar
Owganystan TOPH taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Owganystan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
Türkmenistan bilen Saud Arabystany maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy