Owganystan TOPH taslamasy boýunça amaly işlere başlaýar

Owganystan TOPH taslamasy boýunça amaly işlere başlaýar

Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow 10-njy iýulda Kabulda ýurduň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdy. Duşuşykda diplomatlar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasynyň gidişi we geçirijiligini artdyrmak mümkinçiligi barada pikir alyşdylar. Bu barada Alemarah English ministrlige salgylanyp habar berdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki meselelerine-de seredildi, şol sanda Turgundy stansiýasynyň üstaşyr geçirjiligini we ulag aragatnaşygyny giňeltmek mesele boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem Hyrat welaýatyndaky Nur-Jihad kiçi bekedi barada durlup geçildi.

Daşary işler ministri Owganystanyň TOPH taslamasy bilen baglanyşykly galan meseleleri çözjekdigine umyt bildirdi. Amir Han Muttaki degişli owgan bölümleriniň TOPH taslamasy üçin zerur hukuk resminamalarynyň hemmesini tamamlaýandyklaryny we gaz geçirijisiniň gurluşygyna taýynlyk görýändigini aýtdy. Şeýle hem, owgan administrasiýasynyň Turgundy gury ýer portunda demir ýol desgalaryny ösdürmegiň üstünde işleýändigini we ýakyn wagtda Türkmenistana bu wagtda täze maglumatlaryň beriljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Iş Nokady: IELTS synagyna Aşgabatda ýokary derejeli taýýarlyk okuwlary
“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Milli bilim instituty bilen Kembrij uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi