Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ikinji ýarymynda başlar

Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ikinji ýarymynda başlar

Owganystanyň magdanlar we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar TOPH (Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan) gaz geçiriji taslamasynyň şu ýylyň ikinji ýarymynda işe başlajakdygyny aýtdy.

Pajhwok owgan habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Delawar bu sözleri anna güni Owganystana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen geçirilen gepleşiklerden soň žurnalsitler bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.

Onuň bellemegine görä, iki ýurduň hem TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin degişi çäreleri görmegi zerurdyr. Şoňa laýyklykda, bu iri tasalmany durmuşa geçirmek işlerine şu ýylyň ikinji ýarymynda girişiler.

Delawar bu taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýetini şeýle düşündirdi:

Ol bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň diňe Owganystan we Türkmenistan üçin däl, eýsem, Pakistan we Hindistan üçinem möhümdigini aýtdy.

Ýatlatsak, TOPH-yň taryhy 2010-njy ýylda başlandy. Şol ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Gazgeçiriji baradaky çarçuwaly şertnama we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky hökümetara ylalaşyga gol çekildi.Bäş ýyl soň, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylary onuň gurluşygynyň düýbüni tutdular.

TOPH transmilli gaz geçirijisiniň uzynlygy takmynan 1800 km bolar.Ol Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky “Galkynyş” käninden Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip Hindistanyň Penjap welaýatyna baryp ýeter.

Gaz geçirijisiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre deň.

Şeýle-de okaň!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Owganystada saparda bolýar
Ýakynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçiriler
Owganystanyň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada sapar bilen geler
Türkmenistanyň nebit we gaz uniwersiteti Heratda kafedrasyny açmak isleýär
Pakistan TOPH-yň töwekgelçiligi üçin Türkmenistandan kepillik soraýar, Hindistan gazyň bahasyny gymmat görýär  
Pakistanda TOPH taslamasynyň gözleg-barlag işleri ýerine ýetirilende korrupsiýa ýol berlendigi aýdylýar