Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystan serhedine harby enjam ibermegi ret etdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni çykaran beýanatynda Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir diýip yglan etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi mälim edýär, ýagny iki goňşy döwletiň we olaryň halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde türkmen-owgan serhedi dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolup durýandyr.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň berýän habarlaryna laýyklykda, onuň garamagyndaky harby bölümçeler, olaryň şahsy düzümi hem-de harby tehnikasy hemişelik hereket edýän ýerinde ýerleşen bolup, göz öňünde tutulan maksatnama laýyklykda meýilnamalaýyn okuw taýýarlygynyň ýerine ýetirilmegini dowam edýärler.